Aragatnaşyk hyzmatlaryny ygtyýarlylandyrmak üçin dalaşgärleriň amala aşyrmaly işleriniň tertibi ( 4-nji ädim )


Ygtyýarnama bermek hakyndaky arzany dolduryň
Ýuridiki taraplar üçin talap edilýän resminamalar
  1. 1.Degişli tertipde tassyklanylan düzgünnamanyň, esaslandyryş şertnamasynyň nusgalary
  2. 2.Degişli tertipde tassyklanylan EÝTDS göçürmesi we şahadatnama
Şahsy taraplar üçin talap edilýän resminamalar
  1. 1.Degişli tertipde tassyklanylan bellige alyş şahadatnamasynyň nusgasy
  2. 2.Degişli tertipde tassyklanylan patent
Ähli taraplar üçin talap edilýän resminamalar
  1. 3.Ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň adyna ynanç haty, pasportyň göçürmesi
  2. 4.Maddy – tehniki binýady barada maglumatlary Görnüş
  3. 5.Hünärleri boýunça laýyk gelýändigini tassyklaýan resminamalary: Görnüş
    1. a.işgär düzüminde durýan, aragatnaşyk babatynda hünärmenleriň we tehniki işgärleriň (hünärler boýunça) ygtyýarnamanyň dalaşgäri tarapyndan tassyklanan sanawy
    2. b.bilim barada diplomyň ýa-da başga bir resminamanyň we (ýa-da) şol ugur boýunça gaýtadan taýýarlygy geçendigi baradaky resminamanyň nusgasy
    3. c.zähmet depderçesiniň ýa-da beýleki iş döwrüni tassyklaýan resminamanyň, şol sanda işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşiniň düzüminde ýerine ýetirilýän işleriň, hyzmatlaryň ugry boýunça iş döwrüni tassyklaýan başga bir resminamanyň nusgasy
    4. d.hünärmenleriň we tehniki işgärleriň işiň howpsuz usullary boýunça bilimlerini barlamak işiniň we düşündiriş işleriniň geçirilendigi barada maglumat
    5. e.zähmetiň zyýanly we (ýa-da) howply şertleri bolan desgalarda özbaşdak işlemäge rugsadynyň bardygy hakyndaky şahadatnamalarynyň nusgalary
  4. 6.Ygtyýarnamanyň dalaşgärinde aragatnaşyk babatynda işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşini amala aşyrmak üçin oňa eýeçilik, kärende hukugy ýa-da başga bir kanuny esasda degişli bolan binalaryň, jaýlaryň bardygyny tassyklaýan resmi namalaryň kepillendiriş edarasy tarapyndan tassyklanan nusgalaryny; zerur bolan halatda şol desgalary ýerleşdirmek üçin ýer bölegini peýdalanmaga hukuk berýän resmi namanyň nusgalary
  5. 7.Ygtyýarnamanyň dalaşgärinde aragatnaşyk babatynda işiň düzüminde görkezilen işleri ýerine ýetirmek, hyzmat etmek üçin oňa eýeçilik hukugy ýa-da başga bir kanuny esasda degişli bolan aragatnaşygyň tehnologik enjamlarynyň we gözegçilik-ölçeg gurallarynyň bardygyna tassyklaýan resminamalaryň nusgalaryny
  6. 8.Gözegçilik-ölçeg gurallarynyň barlagdan geçirilendigi barada şahadatnamalaryň nusgalary
  7. 9.Howpsuzlyk güwänamasynyň nusgasy
  8. 10.Sanepidstansiýadan kepilnama
  9. 11.Ýangyn gullugynyň ykrarnamasy
  10. 12.Tebigaty goraýyş we dolandyryş edarasyndan ykrarnamasy
  11. 13.Ygtyýarnamanyň dalaşgärinde aragatnaşyk babatynda işi geçirmek üçin bar bolan gorag serişdeleriniň, şol sanda işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşiniň amala aşyrylýan desgalarynda bar bolan serişdeleriniň sanawy
  12. 14.Ygtyýarnamanyň dalaşgärinde bar bolan, işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşini amala aşyrmak üçin zerur döwlet standartlarynyň, tehniki şertleriň, ýerine ýetirilýän işleriň, hyzmatlaryň görnüşleri boýunça beýleki kadalaşdyryjy-tehniki resminamalaryň sanawy
  13. 15.Ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň aragatnaşyk babatynda işiň düzüminde işleri, hyzmatlary haýsy sarp edijiler niýetleýä bolsa şo sar edijilerini sanawy
  14. 16.Ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşini amala aşyrmak üçin ykdysady we maliýe ukubyny esaslandyrýan resminamalary:
    1. a.Işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşini amala aşyrmagyň yglan edilen döwre niýetlenen telekeçilik meýilnamasyny (onda nyrh emele getirmek usuly, maýa goýum çeşmeleri, aragatnaşyk babatynda iş tejribesi barada maglumatlar
    2. b.Şäherara we (ýa-da) halkara aragatnaşyk hyzmatlaryny goşmak bilen, yglan edilen hyzmatlara we ýerine ýetirilýän işlere bolan islege baha bermek ( ÝIGDK-nyň 61.10 we 63.11 şertli belgileri (kodlary) boýunça
    3. c.Edara görnüşli tarapyň geçen çärýekdäki we ýyldaky buhgalter balansynyň nusgasyny, goşundylar we düşündiriş ýazgylary bilen bilelikde
  15. 17.Ozal alnan ygtyýarnamalar, şol sanda aragatnaşyk babatynda işi amala aşyrmaga alnan ygtyýarnamalar barada maglumat
  16. 18.Telekeçiler Birleşmesiniň agzalygyny tassyklaýan şahadatnama