Mejlisiň Başlygy Sloweniýanyň Türkmenistandaky täze ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Sloweniýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Alenka Suhadolnikden ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, milli Parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işlerinde oňa üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşykda ilçi öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň Türkmenistanyň Prezidentine iberen mähirli salamyny, türkmen halkyna bolsa iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Söhbetdeşligiň barşynda diplomat Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy.

Duşuşygyň ahyrynda Sloweniýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi iki ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda tagalla etjekdigini belledi.

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Aşgabatda slowen wekiliýeti bilen syýasy geňeşmeler geçirildi.