
Bangladeşiň Prezidenti Awazada geçiriljek halkara maslahata çagyryldy
24-nji iýunda Bangladeş Halk Respublikasynyň Yslamabatdaky ilçihanasynda Türkmenistanyň ilçisi A.Möwlamow Bangladeşiň ilçisi Ykbal Huseýn Hanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada daşary syýasat edarasy habar berýär.
Duşuşykda türkmen tarapy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Bangladeşiň Prezidenti Mohammad Şahabuddiniň adyna şu ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC3) gatnaşmak üçin iberen resmi çakylyk hatyny gowşurdy.
Ilçi Ykbal Huseýn Han çakylygy minnetdarlyk bilen kabul edip, öz ýurdunyň durnukly ösüş we sebitleýin integrasiýa meseleleri boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.
Bu duşuşyk iki ýurduň arasyndaky netijeli gepleşikleri işjeňleşdirmäge we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmäge bolan özara gyzyklanmalarynyň subutnamasy boldy.