Türkmenistanyň we Argentinanyň Moskwadaky ilçileri duşuşdylar

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Esen Aýdogdyýew Argentinanyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi Enrike Ignasio Ferrer Wiýeýra bilen duşuşdy.

25-nji iýunda geçirilen duşuşygyň dowamynda argentinaly diplomat Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Bu barada Türkmenistanyň Moskwadaky diplomatik wekilhanasy habar berdi.

Şeýle-de taraplar syýasy-diplomatik dialogy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ilki bilen, BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesine üns çekilip, halkara we sebit derejesindäki hyzmatdaşlygyň ähmiýeti bellenildi. Şeýle-de iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde syýasy geňeşmeleri geçirmegiň wajypdygy nygtaldy.

Duşuşykda 2025-nji ýylyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigi aýratyn bellenildi. Şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäreler barada durlup geçildi.

Argentinanyň ilçisine bu waka bilen baglanyşykly meýilleşdirilýän iri çäreler barada maglumat berildi. Bu çäreleriň iň möhüm bölegi bolsa 2025-nji ýylyň dekabrynda geçirilmegi meýilleşdirilýän ýokary derejeli halkara forum bolar.

Şeýle hem Argentinanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hökmünde ynanç hatlaryny gowşurmak maksady bilen, Enrike Ignasio Ferrer Wieýranyň Aşgabada saparynyň guralmagy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.