Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistanyň daşary işler ministrini kabul etdi

Şu gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Hankendi şäherinde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew tarapyndan kabul edildi.

Ministr Raşid Meredow Azerbaýjanyň döwlet Baştutanyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň salamlaryny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi.

Prezident Ilham Aliýew hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlygyny bildirdi. Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Liderine, Türkmenistanyň Prezidentine we doganlyk türkmen halkyna özüniň salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.

R.Meredow Garabagda geçirilen dikeldiş we gurluşyk işleriniň özünde uly täsir galdyrandygyny, bu sebitiň tebigatynyň gözelligine haýran galýandygyny belledi.

Duşuşykda azerbaýjanlylaryň we türkmenleriň umumy etnik kökleri, taryhy we medeni baglanyşyklary bolan iki dogan halkdygyny ýene bir gezek nygtaldy. Iki ýurduň arasyndaky energetika, ulag, medeniýet, ylym, bilim we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk meselelerine degişli giňişleýin pikir alyşma geçirildi. Hususan-da, Azerbaýjanda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň we Türkmenistanda Azerbaýjanyň Medeniýet günleriniň yzygiderli geçirilýändigi bellenildi.