Türkmenistanyň we Günorta Sudanyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldular

11-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Günorta Sudan Respublikasynyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Mondeý Simaýa Kumbanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleriň giň toplumy boýunça pikir alyşdylar. Şeýle hem BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk ara alnyp maslahatlaşyldy.