
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek tabşyryldy
11-nji iýulda alty aýyň jemleri boýunça geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti: «Şu ýylyň ikinji ýarymynda köp sanly möhüm halkara çäreler meýilleşdirilýär» diýip aýtdy we 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumyny hem-de beýleki çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin düýpli taýýarlyk görmegiň, şeýle hem döwletiň Garaşsyzlyk we Bitaraplyk baýramlaryny örän ýokary derejede geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Bu barada TDH ýazýar.
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini hem dabaraly ýagdaýda geçireris. Mejlisde berkarar döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň jemlerini jemläris. Şeýle hem öňde duran möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşarys» diýip, döwlet Baştutany aýtdy.
«Türkmenistanyň Halk Maslahaty we Mejlisi ýurdumyzyň Ministrler Kabineti, häkimlikler, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmäge hem düýpli taýýarlyk görüp başlamaly» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi.
Döwlet Baştutany Türkmenistanyň Halk Maslahaty bu ýokary wekilçilikli edaranyň nobatdaky mejlisini çagyrmak, geçiriljek senesini we ýerini kesgitlemek hem-de ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek we onuň düzümini tassyklamak barada karar kabul etse, maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
«Bu guramaçylyk topary Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni durmuşynda ýokary üstünlikleri gazanan, il içinde uly abraýdan peýdalanýan raýatlarymyzy döwlet sylaglary bilen sylaglamak we olara hormatly atlary dakmak üçin hödürlemek hem-de resmileşdirmek boýunça degişli işleri geçirmäge möhüm ähmiýet bermelidir, şeýle hem geçiriljek bu guramaçylyk işleri boýunça Türkmenistanyň Halk Maslahaty hem-de Türkmenistanyň Mejlisi degişli işleri alyp barmalydyr» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow belledi.