
Hökümet mejlisi: wezipä bellenilen we wezipesinden boşadylan ýolbaşçylar
Ozal habar berşimiz ýaly, 11-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň barşynda ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere hem seredildi. Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habar bermegine görä, döwlet Baştutanynyň gol çeken resminamalaryna laýyklykda:
***
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň işini döwrüň talabyna laýyklykda has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we aragatnaşyk toplumy boýunça orunbasarynyň wezipesi girizildi.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Taňryguly Bäşimgulyýewiç Ataýewiň üstüne ýüklenildi.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary Kerimberdi Aýdogdyýewiç Kurbanow söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Myratberdi Kuwatmyradowiç Gaýypow saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň bejeriş-öňüni alyş kömegini guramak boýunça orunbasary wezipesine bellenildi.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Derýaguly Hudaýgulyýewiç Rzaýew Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň bejeriş işleri boýunça prorektory wezipesine bellenildi.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Gurbanmyrat Sähedow, pensiýa gitmegi sebäpli, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň okuw işleri boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Güýçgeldi Garýagdyýewiç Hojamyradow Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň okuw işleri boýunça prorektory wezipesine bellenildi.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ýazmyrat Baýrammyradowiç Rejepow Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ylmy-döredijilik işleri boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Sähetmyrat Seýitmyradowiç Pürsüýew Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ylmy-döredijilik işleri boýunça prorektory wezipesine bellenildi.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Gurbansähet Amansähedowiç Gurbansähedow Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ylmy işler boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Peýzulla Rozbaýewiç Hydyrow, pensiýa gitmegi sebäpli, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň ylmy işler boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Merdan Amanowiç Atabaýew Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň ylmy işler boýunça prorektory wezipesine bellenildi.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Gaýgysyz Annaçaryýewiç Ataýew Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň okuw işleri boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Mämmedow Tahyrgylyç özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Serdar Sähetgulyýewiç Meredow Daşoguz welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň häkiminiň orunbasary Meýlis Begençewiç Çaryýewiň üstüne ýüklenildi.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Reýimkuly Törekulyýewiç Ýagşiýew Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Rahym Kakabaýewiç Saparow Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenilip, ol Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.