
Azerbaýjanyň Prezidenti Türkmenistana sapar bilen çagyryldy
Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sapar bilen Azerbaýjan Respublikasyna bardy.
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşykda Gahryman Arkadag şu saparyň Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagynyň, hyzmatdaşlygyň uzak möhletli strategiýasyny durmuşa geçirmek babatda ylalaşylan çemeleşmeleri işläp taýýarlamagyň möhüm şertine öwrüljekdigine ynam bildirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri doganlyk azerbaýjan topragynda mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirip, öz adyndan, şeýle hem Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan azerbaýjan Lideri Ilham Aliýewi özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.
Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy türkmen-azerbaýjan gatnaşyklaryny ösdürmäge goşýan şahsy goşandy üçin Prezident Ilham Aliýewe türkmen halkynyň adyndan minnetdarlyk bildirdi we azerbaýjan halkynyň abadançylygynyň, rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan döwlet işinde oňa uly üstünlikleri arzuw etdi.
Prezident Ilham Aliýew çakylygy we hoşniýetli sözleri üçin Gahryman Arkadaga hoşallyk bildirip, azerbaýjan tarapynyň däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklaryny we netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklady. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.