
Kawkaz musulmanlarynyň müdiriýetiniň başlygy Aşgabatda geçiriljek halkara maslahata çagyryldy
Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjana saparynyň çäklerinde Kawkaz musulmanlarynyň müdiriýetiniň başlygy Şeýh-ul-islam Allahşukur Paşazade bilen hem duşuşdy.
Duşuşykda Halk Maslahatynyň Başlygy 2025-nji ýylyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigine ünsi çekip, bu başlangyjyň syýasy-diplomatik çäklerden daşary çykýandygyny, onuň diňe bir ählumumy geosyýasy häsiýete däl-de, eýsem, örän giň dünýägaraýyş häsiýetine-de eýedigini aýtdy. Bu başlangyç özara hormat goýmak esasyndaky dialogy ýola goýmaga, döwletleriň we halklaryň arasynda ynanyşmaga, ýalňyş garaýyşlarydyr ideologik çäkleri ýeňip geçmäge ýardam bermäge niýetlenendir. Bu başlangyjy öňe süren ýurt hökmünde Türkmenistanyň maksady häzirki döwürdäki ýeňil bolmadyk şertlerde parahatçylyk, özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk ýollaryny gurmakdan ybaratdyr.
Gahryman Arkadag bu asylly maksada ýetmekde yslam dinine we onuň wekillerine, uly abraýa eýe bolan işgärlerine örän aýratyn ornuň degişlidigine ynam bildirip, Şeýh-ul-islam Allahşukur Paşazadäni 2025-nji ýylyň dekabrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanyp, Aşgabatda geçiriljek halkara maslahata çagyrdy.
Kawkaz musulmanlarynyň müdiriýetiniň başlygy Şeýh-ul-islam Allahşukur Paşazade çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasatynyň sebitde we dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam berýändigini nygtady.
Gahryman Arkadag Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň halklarynyň arasyndaky doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk gatnaşyklaryny berkitmäge goşýan uly goşandy üçin Allahşukur Paşazadä tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, iki ýurduň din wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ähli goldawyň we ýardamyň beriljekdigini, olaryň arasynda berk, uzak möhletli gatnaşyklaryň ýola goýulmagy üçin hemme şertleriň dörediljekdigini aýtdy. Kawkaz musulmanlarynyň müdiriýetiniň başlygy belent mertebeli myhmana hoşallyk bildirip, iki ýurduň arasynda bu möhüm ugurdaky dialogyň mundan beýläk-de dowam etdirilmeginiň azerbaýjan we türkmen halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga ýardam berjekdigini belledi. Bu barada TDH habar berýär.