
Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanda “Sea Breeze” dynç alyş toplumyna baryp gördi
Türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjana saparynyň ilkinji gününde “Sea Breeze” dynç alyş toplumyna hem baryp gördi.
TDH-niň habar berşi ýaly, bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew we “Sea Breeze” toplumynyň esaslandyryjysy Emin Agalarow mähirli garşyladylar.
Gahryman Arkadaga şekil taslamalarynyň üsti bilen dynç alyş toplumy barada maglumat berildi.
(Suratlar: President.az)
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna sapary dowam edýär.