
Türkmenistanyň hem-de Botswana Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary telefon arkaly söhbetdeş boldular
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Botswana Respublikasynyň halkara gatnaşyklar ministri Penýo Butale bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
16-njy iýulda bolan söhbetdeşligiň dowamynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary iki ýurduň arasynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berildi.
Şu ýylyň awgust aýynda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk meselelerine aýratyn üns berildi diýlip, habarda bellenilýär.