
Türkmen halkynyň Milli Lideri Şuşada «Geýdar Aliýew we Garabag» sergisini synlady
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Şuşa şäherinde Geýdar Aliýew gaznasy tarapyndan dikeldilen döredijilik merkezinde guralan «Geýdar Aliýew we Garabag» sergisi bilen tanyşdylar. Bu barada Azerbaýjanyň Prezidentiniň Metbugat gullugy habar berdi.
Döwlet derejesindäki binagärlik ýadygärlikleriniň sanawyna girýän bu binada ozal Aga Kerim Mirsiýab oglunyň kerwensaraýy ýerleşýän eken. Geýdar Aliýew gaznasy tarapyndan 2022-nji ýyldan bäri alnyp barylan abatlaýyş işleriniň netijesinde bina ozalky kaddyna getirilipdir. Döredijilik merkezi 2023-nji ýylyň 10-njy maýynda açylyp, ulanmaga berilipdir.
Sergide azerbaýjan halkynyň beýik Lideri Geýdar Aliýewiň Garabagyň sosial, ykdysady, syýasy we medeni ösüşine goşan goşandyny görkezýän seýrek suratlar, resminamalar we wideomateriallar görkezilýär. Şeýle hem, onuň Garabaga eden saparlary, geçiren duşuşyklary we çärelerine degişli fotosuratlar hem ýerleşdirilipdir.