
Oguljahan Atabaýewa «Arkadag Medisina Klasteri» toplumynyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy
Şu gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Arkadag şäherinde bolup, «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän «Arkadag Medisina Klasteri» toplumynyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa «Kids Expo: Ähli zat çagalar üçin!» atly halkara sergide «Arkadag Medisina Klasteriniň» we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işini beýan etjek diwarlyklaryň teklip edilýän şekil taslamalary bilen hem tanyşdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa «Arkadag Medisina Klasteri» toplumynyň gurluşygy barada şekil taslamalarynyň üsti bilen maglumat berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Arkadag şäheriniň ähli desgalarynda bolşy ýaly, täze gurulýan lukmançylyk klasterinde hem öňdebaryjy dünýä tejribesiniň ornaşdyrylmagynyň möhüm ähmiýetini belledi.
Bu ýerde haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentine «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy tarapyndan öndürilmegi meýilleşdirilýän täze önümler barada hem maglumat berildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa öndürilýän önümleriň ýokary hil derejesiniň ähmiýetini aýdyp, olaryň çagalaryň sagdyn we berk bedenli bolup ýetişmeginde möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi.