Halk Maslahatynyň Başlygy 12-nji dekabrda geçiriljek halkara forum bilen bagly tabşyryklary berdi

20-nji awgustda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde türkmen halkynyň Milli Lideri şu ýyl köp sanly halkara çäreleri geçirmegiň meýilleşdirilýändigini nygtap, 12-nji dekabrda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumyny hem-de beýleki çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin düýpli taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi hem-de bu çäreleri talabalaýyk guramak boýunça öňde duran wezipelerdir ýerine ýetirilmeli işler barada hem durup geçdi. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri baýramçylyk dabaralaryny we halkara çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin Aşgabatda alnyp barylýan gurluşyk-gurnama, abadanlaşdyrmak, abatlamak, arassalamak we gök zolaklara ideg etmek işleriniň depginini güýçlendirmegiň, halkara maslahatyň maksatnamasyny taýýarlamagyň zerurdygyny belledi. Şeýle hem çäreleriň çäklerinde ýokary hilli, kämil aragatnaşyk hyzmatlaryny guramak, häzirki zaman internet hyzmatlary bilen üpjün etmek tabşyryldy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy çäreleriň geçirilýän günlerinde Aşgabadyň ilatynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almagy üçin has amatly şertleri döretmegiň, şanly senä taýýarlyk görmek bilen bagly paýtagty abadanlaşdyrmagyň, uly toýa ýokary derejede taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtady.

Gahryman Arkadag öňde boljak şanly toýa geljek daşary ýurtly myhmanlary türkmen halkynyň myhmansöýerlik däplerinde garşylamagyň, olara ýokary hilli hyzmatlary hödürlemegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Halkara çäräniň geçjek günlerinde taryhy wakalary halk köpçüligine gyzgyny bilen ýetirmek babatda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin hem ähli zerur şertleriň döredilmelidigi bellenildi.

Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ajaýyp ýörelgelerine daýanýan türkmen döwletiniň bu günki gün dünýäniň halklaryny jebisleşdirýän, ýakynlaşdyrýan, dostlaşdyrýan ýurda öwrülendigini belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Bitaraplygyň şanyna guraljak dabaralardyr duşuşyklaryň guramaçylyk meselesine ýene-de bir gezek ünsi çekip, bu işe hemmeleriň uly goşant goşmalydyklaryny, ýurduň at-abraýynyň mundan beýläk-de belende galmagy ugrunda yhlasly zähmet çekmelidiklerini aýratyn nygtady.

Gahryman Arkadag çäreleriň geçirilýän döwründe jemgyýetçilik tertip-düzgüniniň, howpsuzlygyň berjaý edilmeginiň gözegçilikde saklanylmagynyň möhümdigine ünsi çekdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem-de hemişelik Bitaraplygyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli taýýarlyk-guramaçylyk işleriniň depginini güýçlendirmegiň möhümdigini, şunuň bilen baglylykda, ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň bu ugurda ähli tagallalary etmekleriniň zerurdygyny aýtdy.