22-nji awgustda Türkmenistanyň käbir sebitlerinde 18 metre çenli ýetýän şemal öwser
Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 22-nji awgustda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty barada Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň resmi saýtyndaky maglumatlarda şeýle bellenilýär:
Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 11 — 14 metr, wagtal-wagtal 17 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +24... +26 gradus maýyl, gündizine +36... +38 gradus yssy bolar.
Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metr, käýerlerinde 22 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +22... +27 gradus maýyl, gündizine +32... +37 gradus yssy, kenarýaka etraplarynda +25... +30 gradus maýyl bolar.
Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metr, käýerlerinde 18 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +21... +26 gradus maýyl, gündizine +36... +41 gradus yssy bolar.
Mary welaýatynda az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +19... +24 gradus maýyl, gündizine +36... +41 gradus yssy bolar.
Lebap welaýatynda az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +19... +24 gradus maýyl, gündizine +37... +42 gradus yssy bolar.
Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metr, käýerlerinde 18 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +20... +25 gradus maýyl, gündizine +34... +39 gradus yssy bolar.