
Türkmenistanyň ilçihanasynda Bulujystan welaýatynyň öňki saglyk ministri bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň Yslamabat şäherindäki ilçihanasynda Bulujystan welaýatynyň öňki saglyk ministri, häzirki wagtda Gwadar Söwda-senagat palatasynyň ýolbaşçysy Mir Nawid Buluçyň ýolbaşçylygyndaky pakistanly işewürler bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada ilçihananyň resmi saýtynda habar berildi.
Türkmen tarapy Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyna, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň netijelerine, şeýle hem TOPH gaz geçiriji we TOP elektrik geçiriji taslamalarynyň Pakistanyň durnukly energiýa üpjünçiligi üçin ähmiýetine bagyşlanan prezentasiýa görkezdi.
Şeýle hem, taraplar Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar ugurlarynda söwda-ykdysady we logistika boýunça, şol sanda Türkmenbaşy we Gwadar portlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Pakistan tarapy Türkmenistan bilen energiýa, ulag we logistika ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirdi we türkmen tarapyny Gwadar portunyň mümkinçiliklerinden peýdalanmaga çagyrdy.