Türkmenistanyň ilçihanasy tarapyndan Rumyniýada çäre geçirildi

Şu gün Rumyniýanyň Buharest şäherindäki Milli Ylym we Tehnologiýa Uniwersitetiniň Politehnika okuw merkezinde Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýoly: parahatçylyga we durnuklylyga 30 ýyllyk ygrarlylyk» atly halkara maslahaty geçirdi.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlanan maslahata diplomatlar, Rumyniýanyň döwlet edaralarynyň wekilleri, ylmy jemgyýetçiliginiň agzalary, talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenler häzirki döwrüň şertlerinde bitaraplyk temasynyň ähmiýetini, onuň parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi berkitmekdäki ornuny nygtadylar.
Türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, şol sanda Hazar deňzi — Gara deňiz ulag geçelgesi taslamasyna, şeýle hem energetika, sanly tehnologiýalar we ekologiýa ugurlarynda hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.
Maslahat türkmen halkynyň milli mirasyny myhmanlaryň has ýakyndan tanamagyna mümkinçilik döreden sergi we milli tagamlaryň hödürlenmegi bilen jemlendi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.