Emmanuel Makron Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatyny iberdi

Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makrondan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hat gelip gowuşdy. TDH-niň habar berşi ýaly, Emmanuel Makron hatynda Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli öz adyndan hem-de fransuz halkynyň adyndan Prezident Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden gutlaglaryny, türkmen halkyna bolsa bagtyýarlyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan edýär.

"Biziň ýurtlarymyzy Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň esasy goýujy ýörelgelerine ygrarlylyk, köptaraplaýyn çemeleşmelere esaslanýan ýakyn we berk gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Bu çemeleşmeler, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýylda Fransiýanyň hem awtordaşlygynda gaýtadan kabul edilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamasynda öz beýanyny tapýar. Biziň hyzmatdaşlygymyzyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine hem-de Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2025-nji ýylyň 5-nji maýynda Fransiýa amala aşyran, mende ýakymly ýatlamalary galdyran resmi saparynyň barşynda başy başlanan taslamalaryň durmuşa geçiriljekdigine ynanýaryn" diýip, Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti iberen hatynda ýazýar.

Prezident Emmanuel Makron gutlag hatynyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedowa belent hormat goýýandygyny nygtaýar.