
Rustam Minnihanow Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň dabaralaryna gatnaşdy
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin iş sapary bilen Türkmenistana geldi. Ol şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, söhbetdeşligiň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Rustam Minnihanowy myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekledi we ony Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi bilen gutlady.
Duşuşykda Rustam Minnihanowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany wezipesine täzeden saýlanandan soňra ilkinji daşary ýurt saparyny Türkmenistana amala aşyrmagynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini görkezýändigi nygtaldy.
Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli türkmen halkynyň Milli Liderine, Türkmenistanyň Prezidentine, ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Halk Maslahatynyň Başlygy gutlaglary we hoşniýetli arzuwlary üçin Tatarystan Respublikasynyň Baştutanyna minnetdarlyk bildirdi.
Söhbetdeşligiň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri Tatarystanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň köp ýyllardan bäri Türkmenistanda üstünlikli işleýändigini belledi.
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa ähli bilelikdäki taslamalara şahsy goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi.