
Türkmenistanda harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylary hem-de işgärleri sylaglandy
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň hem-de işgärleriniň bir toparyna harby we ýörite atlar dakyldy, hünär derejeleri berildi. TDH-niň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow 27-nji sentýabrda degişli Permana gol çekdi.
Resminama harby gullukçylaryň mukaddes harby borjuny ak ýürekden berjaý edip, ýurduň goranmak ukybyny pugtalandyrmaga goşan goşantlary hem-de jemgyýetde kanunçylygy we hukuk tertibini berkitmekde, asudalygy gorap saklamakda bitiren uly hyzmatlary göz öňünde tutulyp, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 15-nji bendine laýyklykda kabul edildi.
Şeýle hem Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň bir topary Türkmenistanyň medallary bilen sylaglanyldy. TDH-niň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow bu baradaky Permana hem 27-nji sentýabrda gol çekdi.
Resminama harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, goranmak ukybyny berkitmäge, çäk bitewüligini goramaga, howpsuzlygy, jemgyýetçilik we hukuk tertibini, kanunçylygy üpjün etmäge goşan uly şahsy goşantlary, gulluk borçlaryny göreldeli ýerine ýetirendikleri, söweşjeň taýýarlykda ýokary görkezijileri gazanandyklary üçin hem-de olaryň ýurda, halka köp ýyllaryň dowamynda birkemsiz gulluk edendiklerini, çeken halal we göreldeli zähmetini, döwletiň we jemgyýetiň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, önjeýli döwlet, jemgyýetçilik işinde gazanan uly üstünliklerini nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli kabul edildi.