Ýurdumyzyň aragatnaşyk pudagy –innowasion ösüş ýolunda

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary, egsilmez yhlasy, eziz Watanymyza, mähriban halkymyza çäksiz söýgüsi bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamymyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan Döwletimiz innowasion ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar. 

Ýurdumyzda öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, sanly hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak, Aragatnaşyk ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, täze tehnologiýalary we enjamlary ornaşdyrmak, şeýle hem özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak meselelerine aýratyn uly üns berilýär.

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi Halkara Elektroaragatnaşyk bileleşiginiň, Bütindünýä Poçta birleşiginiň we başga-da birnäçe iri we abraýly halkara guramalarynyň doly hukukly agzasy bolup, bu guramalar bilen uzakmöhletleýin işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar.

Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň uzakmöhletleýin maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ägirt uly tehnologiýa ösüşini amala aşyrýar. Bu maksatnamada innowasiýalaryň, ýokary tehnologiýalaryň we sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna, ähli ulgamlaryň kompýuterleşdirilmegine hem-de dünýäniň iň gowy tejribesini, şol sanda maglumat goraglylygy ulgamynda gazanylanlaryň özleşdirilmegine aýratyn üns berilýär.

Halkara ülňülerine gabat gelýän hem-de maglumat alyşmagyň ýokary hilini üpjün edýän milli telekommunikasiýa ulgamynyň ösdürilmegi Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitinde möhüm merkez Gündogaryň we Günbataryň, Demirgazygyň we Günortanyň arasynda uly ähmiýetli maglumat-aragatnaşyk köprüsi hökmünde ornunyň barha artmagyna ýardam berýär.

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi, Türkmenistanda aragatnaşyk babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirýän hem-de aragatnaşyk babatda işiň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegini we oňa gözegçilik edilmegini amala aşyrýan ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edarasy bolup durýar.

Ministrlik üstüne ýüklenen wezipeleriň çäklerinde ýerli we öýjükli telefon aragatnaşygy, internet ulgamy, poçta hyzmatlary, sanly ykdysadyýet, elektron hökümeti, elektron resminama dolanyşyk ulgamy, sanly goly, kiberhowpsuzlygy, hemra aragatnaşygy, milli tele we radio ýaýlymlaryny ýaýratmak, hünärmenleri taýýarlamak ýaly ugurlar boýunça işleri durmuşa geçirýär. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen Türkmenistan Watanymyz dünýäniň kosmos ýurtlarynyň hataryna girdi. 2015-nji ýylda «TürkmenÄlem 52°E» ilkinji milli emeli hemranyň älem giňişligine çykarylmagy netijesinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamynyň, ýokary hilli tele we radio ýaýlymlarynyň kemala gelmegi üçin uly mümkinçilikler döredildi. 

«TürkmenÄlem 52°E» milli emeli hemrasy Ýewropany, Ýakyn Gündogary, Demirgazyk Afrikany, Merkezi Aziýany, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlary we Aziýanyň käbir sebitlerini örtüp, takmynan 1,2 milýartdan gowrak adam emeli hemranyň örtýän zolagynda ýaşaýar.

 

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda, häzirki döwürde ýokary tehnologiýalary ulanýan milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanly ykdysadyýete geçirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti döretmek maksady bilen kabul edilen «Türkmenistanda 2026 – 2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Bu Konsepsiýa ykdysadyýetimizi çalt depginler bilen ösdürmäge we sanly tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga, ulanyjylara hyzmatlaryň hilini täze derejä çykarmak üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak arkaly ýokary tehnologiýalary we bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek üçin, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli karary bilen Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak boýunça ygtyýarly edara hökmünde kesgitlenildi.

Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak, «Elektron hökümet» ulgamyny doly derejede işe girizmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde kadalaşdyryjy namalar döwrebaplaşdyrylýar, Maglumat we telekommunikasiýa hyzmatlary babatynda işleriň hukuk taýdan kadalaşdyrylmagyny kämilleşdirmek dowam etdirilýär. Iri taslamalary taýýarlap durmuşa geçirmek boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzda aragatnaşyk pudagyny ösdürmek, sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak bilen bagly Türkmenistanyň kanunlary kämilleşdirilýär, täze kanunlar kabul edilýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hem-de elektron hökümetiň işi babatynda ygtyýarly edara diýlip kesgitlendi.

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek maksady bilen, häzirki wagtda dünýäde innowasion tehnologiýalaryň, döwrebap çözgütleriň günsaýyn ösýändigini hem-de yzygiderli täzelenip durýandygyny nazara alyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli karary bilen Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 – 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy hem-de maksatnamany durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylmaly çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. 

Meýilnamada sanly ykdysadyýete geçmek, «Elektron hökümet» ulgamyny döretmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek, bu ugurlarda hereket edýän kanunlary we kadalaşdyryjy namalary döwrebaplaşdyrmak, Milli emeli aň strategiýasyny taýýarlamak, pudaklarda emeli aň, blokçeýn we zatlaryň interneti (IoT) bilen bagly tehnologiýalary ornaşdyrmak we kämilleşdirmek boýunça degişli işleri geçirmek, hünärmenleri taýýarlamak we hünär derejelerini yzygiderli ýokarlandyrmak, zehinli ýaşlary goldamak hem-de höweslendirmek bilen bagly amala aşyrylmaly işleriň ugurlary, ýerine ýetirijileri we möhletleri bellenildi.

Bu çäreleriň durmuşa geçirilmegi maglumat tehnologiýalary ulgamyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge, programma üpjünçiliginiň eksportyny ösdürmäge hem-de ýurdumyzyň kiberhowpsuzlygyny milli «bulut» hasaplaýyş tehnologiýalary (Data-center) arkaly täze derejä çykarmaga mümkinçilik berer. «bir penjire» ulgamynda sanly hyzmatlaryň sanynyň artdyrylmagy bolsa döwlet dolandyryşynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrar.

Ýurdumyzda raýatlaryň durmuş-jemgyýetçilik işlerini ýöretmeklerinde köp amatlyklary gazanmak, elektron hyzmatlar ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen döredilen, «e.gov.tm» Döwlet hyzmatlary portalynyň sanly hyzmatlary we mümkinçilikleri yzygiderli kämilleşdirilýär.

 

Sanly ykdysadyýete tapgyrlaýyn geçmegiň çäklerinde maglumatlaryň kiberhowplara garşy goraglylygynyň üpjün edilmegine aýratyn üns berilýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanynda Döwlet kiberhowpsuzlyk gullugy döredildi. 

Gullugyň üstüne Türkmenistanyň maglumat giňişligine we maglumat infrastrukturalarynyň obýektlerine gönükdirilen kiberhowplary ýüze çykarmak, olaryň öňüni almak we olara garşy çäreleri geçirmek wezipeleri ýüklenildi.

Maglumat giňişliginde ýüze çykýan kiber hadysalar we kiber howplar, olara garşy durmak boýunça çäreleri amala aşyrmak baradaky maglumatlar ýerleşdirilýän Döwlet kiberhowpsuzlyk gullugynyň saýty hereket edýär. 

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan, Türkmenistanda Pudagara elektron maglumat alyşmak ulgamyny ornaşdyrylmak boýunça maksatnamalavyn işler durmuşa geçirilýär.

Taslama laýyklykda, halkara tejribeleri öwrenilip, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň düzüm birliklerinde döwrebap, innowasion tehnologiýalara esaslanýan enjamlar toplumlary gurnalyp döwlet edaralary hem-de olaryň amala aşyrylýan sanly hyzmatlary tapgyrlaýyn birikdirilýär.

Taslamanyň çäklerinde hünärmenleri taýýarlamak, degişli kadalaşdyryjy hukuk namalary taýýarlamak we döwrebaplaşdyrmak boýunça yzygiderli degişli işler durmuşa geçirilýär.

Hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde Aragatnaşyk ministrliginiň hem-de taslama gatnaşýan pudaklaryň hünärmenleri üçin, döwrebap platformanyň ulanyşy we howpsuzlygy, maglumat tehnologiýasynyň tor ulgamlary boýunça tapgyrlaýyn okuwlar geçirilip, degişli şahadatnamalar berildi.

Degişli okuwlar ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilýär.

Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, ýurdumyzyň halk hojalygyna sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmakda giň mümkinçiligi bolan programma üpjünçilikleri işläp düzýän we innowasion oýlap tapmalar bilen meşgullanýan fiziki we ýuridiki şahslary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek maksady bilen, 2020-nji «Sanly çözgüt» atly STARTAP-lara – bäsleşiklere badalga berildi. 

Her ýyl geçirilýän bu bäsleşige aglaba bölegi talyp ýaşlardan we mekdep okuwçylaryndan ybarat bolan ýerli hünärmenler özleriniň taslamalary bilen gatnaşýarlar.

Şeýle hem, Türkmenistanda Maglumat merkezi ýagny «Data сentr» dörediler, bu bolsa öz gezeginde sanly ulgama geçmekde ýurdumyzyň ähli pudaklary üçin elektron maglumatlary ygtybarly saklamaga, ulanmaga, goramaga, şeýle hem Türkmenistanda ygtybarly içerki internet ulgamyny işe goýbermäge mümkinçilik döreder.

 

Berkarar döwletiň täze eýýamymyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary, egsilmez yhlasy, eziz Watanymyza, mähriban halkymyza çäksiz söýgüsi bilen sanlyja ýyllaryň içinde gojaman Köpetdagyň eteginde häzirki zamanyň «akylly» şäher konsepsiýasynyň ýörelgeleri esasynda gurlan ajaýyp şäher – Arkadag şäheri kemala geldi.

Şäheriň çäginde, «Altyn Asyr» öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň iň kämil ülňülerinde işleýän iberiji kabul ediji ulgamlarynyň enjamlar toplumlary gurnalyp işe goýberildi, netijede şäheriň ähli ýerinde öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň döwrebap hyzmatlaryndan peýdalanmaga giň mümkinçilikler döredildi.

Şäheriň edara kärhanalary we ýaşaýjylary üçin döwrebap GPON ulgamy we goşmaça giňeltme mümkinçiligi bolan ýüzlerçe telewizion kanallaryny alyp görkezýän IP TV ulgamy gurnalyp işe goýberildi. 

Bu tehnologiýanyň işe girizilmegi bilen, her bir öýe optiki süýümli ulgam çekilip, ýokary tizlikli internet, IP TV hem-de telefon ulgamyndan bir wagtda peýdalanmaga mümkinçilik berdi. 

Arkadag şäheriniň Aragatnaşyk müdirliginiň edara binasyna barýan daşky eltiji aragatnaşyk ulgamlary 3 ugurda optiki süýümli aragatnaşyk ulgamlary, şeýle hem, şäheriň içki aragatnaşyk kabel ulgamlary çekildi.

Arkadag şäherinde «Akylly şäher» we «Akylly öý» ulgamlaryny döretmäge, bu hyzmatlardan aralykdan peýdalanmaga mümkinçilik berýän innowasion tehnologiýalara esaslanýan häzirkizaman tehnologiýanyň iberiji kabul ediji beketleriniň enjamlar toplumlary gurnalyp işe goýberildi.

«Akylly öý» ulgamy üçin niýetlenen, elektrik energiýasynyň, tebigy gazyň, gyzgyn we sowuk suwuň sarp edilişini ölçeýji enjamlary, tebigy gazyň hem-de agyz suwuň syzdyrýandygyny anyklaýjy datçikler gurnaldy, olaryň sarp edilişi baradaky maglumatlary jemlemäge we seljermäge mümkinçilik berýän sanly ulgam döredildi. 

Ulgamyň üsti bilen, raýatlara elektrik energiýasyna, agyz suwa we tebigy gaza onlaýn töleg etmäge, bu ugurda hyzmatlary dolandyrmaga, sargyt bermäge we zerur maglumatlary almaga, şeýle hem, öýüň içinde suw we gaz syzdyrýandygy baradaky maglumatlary dessin ýagdaýda raýatlara we operatorlara habar berilmäge mümkinçilikler döredildi.

Bu häzirkizaman aragatnaşyk tor ulgamlary, şäherde sanly ykdysadyýeti, «Akylly şäher» we «Akylly öý» tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak üçin zerur infrastruktura bolup hyzmat edýär.

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan Arkadag şäheriniň çäginde bina edilen ähli desgalary, ýaşaýyş jaýlary döwrebap aragatnaşyk ulgamlary bilen doly üpjün etmek boýunça taýýarlanan tehniki şertlere laýyklykda olaryň her birine optiki süýümli aragatnaşyk ulgamlary doly çekildi. Şäheriň merkezi seýilgähinde raýatlaryň medeniýetli dynç almagy üçin, her ulanyja ýokary tizlikde internet ulgamyndan peýdalanmaga mümkinçilik berýän Wi-Fi zolagy döredildi. 

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan Arkadag şäher häkimliginde we Aragatnaşyk müdirliginde elektron resminama dolanyşyk ulgamy gurnalyp işe girizildi. Şeýle hem, Arkadag şäheriniň resmi internet-web saýty işe goýberildi. Şeýle hem «e.gov.tm» Döwlet hyzmatlary portalynda Arkadag şäheriniň sanly hyzmatlaryndan peýdalanmaga mümkinçilik berýän penjire döredildi.

Bulardan başga-da, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz, Arkadag şäherinde 4G+ we 5G tehnologiýasynyň işine ak pata berdi, şeýle hem, Birleşen Milletler Guramasynyň Deňize çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji Maslahatyny ýokary derejede geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 4G+ tehnologiýasy işe goýberildi.

Täzeliklere gönükdirilen syýasatymyz döwlet ähmiýetli ýurduň ilkinji «akylly» şäheri bolan Arkadag şäheri taslamasynda öz beýanyny tapdy. Arkadagda 5G ulgamynyň ornaşdyrylmagy şäher infrastrukturasyny dolandyrmak üçin tehnologik «gan-damar ulgamyny» döredýär, telemedisinany, bilimi we senagaty düýpgöter üýtgedýär hem-de geljekki özgertmeler üçin janly laboratoriýa bolup hyzmat edýär.

 

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy häzirki döwürde iş we hyzmatlar çygryny giňeltmek we döwrebaplaşdyrmak maksatlaryndan ugur alyp, 192 sany  daşary ýurt poçta operatorlary bilen gatnaşyklary ýola goýmagy, logistikany işjeňleşdirmegi, elektron söwda meýdançalary we poçta ýollamalaryny eltip bermek boýunça häzirki zaman çözgütlerini ornaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlyk alyp barýar. 

Milli poçta operatory halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde soňky döwürde abraýly daşary ýurt kompaniýalar bilen gatnaşyklaryny ilerledýär. Täze halkara elektron söwda ulgamlary bilen hyzmatdaşlyk ýurtlaryň arasynda özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga, haryt dolanyşygynyň möçberleriniň has-da artmagyna ýardam eder.

Halkara ülňülerine gabat gelýän hem-de maglumat alyşmagyň ýokary hilli üpjün edýän milli telekommunikasiýa ulgamynyň ösdürilmegi Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitinde möhüm merkez hökmünde, Gündogaryň we Günbataryň, Demirgazygyň we Günortanyň arasynda möhüm maglumat-aragatnaşyk köprüsi hökmünde ähmiýetiniň barha artmagyna ýardam berýär.

Türkmenistanda halkara telefon aragatnaşygynyň hem-de maglumatlary geçirmegiň göwrümini artdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça yzygiderli ägirt uly işler geçirilýär.

Ýurdumyz bilen goňşy döwletleriň arasynda halkara optiki süýümli geçiriş ulgamlaryny gurmak, ýurdumyzyň üstaşyr maglumat geçirijilik mümkinçiligini artdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda, ähli serhetýaka goňşy döwletleriň ählisi bilen 8 sany optiki süýümli aragatnaşyk birikmeleri hereket edýär. 

Häzirki wagtda iki strategik ugur boýunça işler alnyp barylýar:

  • Trafik tranzitini artdyrmak we Hindistan bazaryna çykmak mümkinçiligini döretmek maksady bilen «Arkadagyň Ak ýoly bilen Serhetabat – Hyrat» optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygy;

  • «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy bilen «Azertelekom» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýeti tarapyndan bilelikde Türkmenistan – Azerbaýjan Respublikasy ugry boýunça Hazar deňziniň düýbünden optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşyk taslamasynyň durmuşa geçirilmegi.

 

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň maddy enjamlaýyn binýadyny berkitmek, pudaga döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça iri taslamalar taýýarlanylýar.

Şunuň bilen baglylykda, «Altyn Asyr» öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň dolandyryş ulgamlaryny we ygtyýarnamalaryny giňeltmek, Aşgabat şäherinde we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 5G tehnologiýasyny ornaşdyrmak, welaýat we etrap merkezlerini hem-de şäherleri 4G+ ülňüleri bilen örtmek, şeýle hem 4G ülňüleriniň örtýän zolagyny giňeltmek meýilleşdirilýär. 

 

Ýurdumyzda internet ulgamyna bolan islegler diňe bir millionlarça raýatlar tarapyndan bolman, ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda, hususyýetde işe goýberilýän sanly ulgamlaryň, elektron hyzmatlaryň günsaýyn artýandygyny göz öňünde tutup, aragatnaşyk pudagynyň internet ulgamynyň hereket edýän enjamlar toplumynyň göwrümini giňeltmek meýilleşdirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň internet ulgamy üçin döwrebap aragatnaşyk enjamlaryny, innowasion çözgütleri gurnamak meýilleşdirilýär. 

Dünýäde üstaşyr aragatnaşyk geçelgelerine islegleriň günsaýyn artýan döwründe Türkmenistanda hereket edýän DWDM maglumat geçiriş ulgamynyň döwrebaplaşdyrmak hem-de täze maglumat geçiriş beketlerini gurnamak boýunça taslama degişli işler alnyp barylýar.

Taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde: 

  • «Arkadagyň Ak ýoly bilen Serhetabat – Hyrat»;

  • Etrek – Inçeburun;

  • Bekdaş –Temirbaba; 

ugurlary boýunça halkara optiki süýümli aragatnaşyk birikmelerini gurmak bilen optiki süýümli aragatnaşyk birikmeleriň sanyny 11-e, we Türkmenistanyň maglumat geçiriş ulgamynyň mümkinçiliklerini bolsa birnäçe esse ýokarlandyrmak meýilleşdirilýär. 

Bu bolsa öz gezeginde, üstaşyr geçýän aragatnaşyk akymlarynyň hem-de Türkmenistan bilen goňşy döwletleriň arasynda maglumat geçirijilik birikmeleriň sanyny we tizligini artdyrmaga, aragatnaşyk geçirijiligi goşmaça ätiýaçlandyrmaga, sebitde esasy wajyp maglumat köprüsi wezipesini ýerine ýetirmäge, bu ugurda hyzmatdaşlygy artdyrmaga mümkinçilik berer.

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň goldaw bermeginde ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegine uly üns berilýär, bu işleri durmuşa geçirmekde maýa goýumlary çekmekde hem oňyn şertler döredilýär. 

Agzalyp geçilen taslamalar hem, Ýewropa, Aziýa, Günorta – Gündogar Aziýa döwletleriniň arasynda telekommunikasiýa üstaşyr ýollarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna hem-de kämilleşdirilmegine, halkara hyzmatdaşlyklaryň pugtalanmagyna hem-de maglumat geçirijilik tizliginiň artdyrylmagyna mümkinçilik döreder.

Halkymyzyň abadançylygy, rowaçlygy ugrunda taýsyz tagallalar edýän, Türkmenistan döwletimiziň halkara giňişligindäki abraýyny has-da belent derejelere ýetirýän, ýurdumyzda aragatnaşyk ulgamynyň ösüşine hem-de ýokary tehnologiýalaryň özleşdirilmegine uly itergi berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys!