Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň Senatynyň Başlygyny kabul etdi

31-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Senatynyň Başlygy Saýed Ýusuf Raza Gilanini kabul etdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Pakistanyň Türkmenistanyň häzirki gazananlaryna ýokary baha berýändigini aýtdy we pursatdan peýdalanyp, Prezident Serdar Berdimuhamedowa hem-de Gahryman Arkadaga Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň, Premýer-ministri Muhammed Şahbaz Şerifiň iberen mähirli salamyny, tutuş türkmen halkyna abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle-de ol türkmen halkynyň Milli Lideriniň Pakistana saparynyň barşynda Gahryman Arkadag bilen bolan duşuşygy ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti myhmany türkmen topragynda mähirli mübärekläp, Pakistanyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi we dostlukly ýurduň Senatynyň Başlygynyň bu saparynyň netijeleriniň ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine itergi berjekdigine ynam bildirip, oňa üstünlikli sapar arzuw etdi.

Duşuşykda bellenip geçilişi ýaly, Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasynda birek-birege hormat goýmak we özara düşünişmek esasynda ýola goýlan uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk häzirki wagtda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ulag-energetika, medeni-ynsanperwer ugurlarda üstünlikli ösdürilýär. Iki ýurt birek-biregiň halkara başlangyçlaryny goldaýarlar.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýyl "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly" diýlip yglan edildi. Türkmenistanyň Prezidenti onuň möhüm ähmiýetini belläp, ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli şu ýyl köp sanly halkara çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýtdy we Pakistan Yslam Respublikasynyň Senatynyň Başlygyny hem-de agzalaryny olara gatnaşmaga çagyrdy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Häzirki wagtda parlamentara gatnaşyklar ikitaraplaýyn we halkara hyzmatdaşlygyň netijeli ösdürilmegine goşant goşýar. Şunuň bilen birlikde, parlamentara gepleşikler döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi bolup durýar. Ikitaraplaýyn esasda işleýän parlamentara dostluk toparlary kanun çykaryjylyk işinde we parlament diplomatiýasynyň ösüşinde tejribe alyşmaga kömek edýär.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti we Pakistan Yslam Respublikasynyň Senatynyň Başlygy doganlyk halklaryň bähbidine iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň giň ugurlarda ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.