Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki bilen, welaýatlaryň häkimleri dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabatlary berdiler. Hasabatlarda bellenilişi ýaly, şu günler welaýatlarda bugdaý oragy dowam edip, hasyly çalt we ýitgisiz ýygnap almak, galla kabul ediş kärhanalarynda bökdençsiz kabul etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Önüm öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Gowaça ekilen ýerlerde hatarara bejergi, ekini mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Welaýatlaryň ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda ýetişdirilen hasyly ýygnap almak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.
Häkimler ýurdy 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hem hasabat berdiler.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, galla oragynyň talabalaýyk geçirilmegini, gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda belledi we häkimlere anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutany degişli maksatnamalaryň çäklerinde welaýatlarda ýerine ýetirilýän işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Iş maslahatynyň barşynda wise-premýer T.Atahallyýew hem ýurduň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi. Hasabatda Daşoguz welaýatynyň şaly ekilen ýerlerinde ideg işleriniň, Lebap welaýatynda şaly ekişiniň, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ekişiniň dowam edýändigi barada hem aýdyldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetdäki möhüm ornuna ünsi çekdi hem-de pudagy yzygiderli ösdürmek üçin öňdebaryjy tejribäniň önümçilige ornaşdyrylmagyny, ýer-suw we tehniki serişdeleriň netijeli peýdalanylmagyny özünde jemleýän toplumlaýyn çemeleşmäniň zerurdygyny belledi.
Wise-premýere dowam edýän möwsümleýin işleri gözegçilikde saklamak tabşyryldy.
Döwlet Baştutany iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow bugdaý oragyny guramaçylykly geçirmek, ýetişdirilen hasyly gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak, gowaça meýdanlarynda ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.