
Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentine Gutlag iberdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Gutlag iberdi.
Halk Maslahatynyň Başlygy «Türkmenistan» gazetinde çap edilen Gutlagynda şeýle belleýär:
«Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
Sizi türkmen medeniýetini, sungatyny we halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny şöhratlandyrýan şanly sene — Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli türkmen halkynyň, şeýle-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, türkmen medeniýetini, sungatyny dünýä tanatmakda, milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamakda alyp barýan döwlet ähmiýetli işleriňiziň mundan beýläk hem üstünliklere beslenmegini arzuw edýärin.
Hormatly Prezidentimiz!
Siziň baştutanlygyňyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzda asylly ýörelgeler dowamata beslenip, pederlerimiziň paýhasly pentlerine eýermek bilen, bütin adamzadyň abadan ýaşaýşy, Ýer ýüzünde parahatçylygyň dabaralanmagy ugrunda uly tagallalar edilýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň her bir güni beýik özgerişleri, berkarar ýurdumyza abraý-mertebe, şan-şöhrat getirýän başlangyçlary, ösüşleri bilen Watanymyzyň ýyl ýazgysyna täze sahypalary ýazýar.
Siziň taýsyz tagallalaryňyz esasynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda halkymyzyň milli mirasyny, medeniýetini, akyldarlarymyzyň we şahyrlarymyzyň edebi döredijiligini ylmy taýdan öwrenmäge hem-de wagyz etmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap teatrlaryň, muzeýleriň, kitaphanalaryň, medeniýet öýleriniň, döredijilik merkezleriniň gurlup ulanmaga berilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr. Türkmeniň milli mirasynyň, medeni-ruhy gymmatlyklarynyň umumadamzat medeniýetiniň galkynyşyna itergi berendigini bu gün bütin dünýä ykrar edýär. Täze taryhy döwrümizde galkynyşy, beýik ösüşleri başdan geçirýän milli medeniýetimiz, sungatymyz we edebiýatymyz halkymyzy ata Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmaga, belent zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Bu gün umumadamzadyň medeni gymmatlyklary hökmünde dünýä derejesinde ykrar edilen «Gadymy Merw», «Köneürgenç», «Nusaý» taryhy-medeni ýadygärliklerimiziň, «Küştdepdi» milli aýdym we tans dessurynyň, «Görogly» dessançylyk sungatynyň, dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň, türkmen milli halyçylyk sungatynyň, türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň abraýly sanawlaryna girizilmegi türkmeniň baý medeniýetiniň ösdürilmegi ugrundaky tagallalaryň miwesidir.
Belent mertebeli Prezidentimiz!
Siziň: «Her bir halk dünýäde medeniýeti bilen tanalýar. Türkmen halky beýik sungaty, ägirt uly edebi, medeni mirasy döredip bilen halkdyr» diýýän sözleriňiz türkmen halkynyň beýik sungatyna, nusgawy medeni mirasyna, medeniýetine goýulýan sarpadan nyşandyr. Siziň baştutanlygyňyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynda medeniýet ulgamyny ösdürmek, milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny, ajaýyp sungat aýratynlyklarymyzy hormatlamak we dünýä ýaýmak bilen, onuň halkara abraýyny dabaralandyrmak ugrundaky tagallalar halkymyzda çäksiz guwanç duýgusyny döredýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Ahal welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň uly dabara bilen bellenilýändigi aýratyn buýsandyryjydyr.
Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!
«Berkarar döwlet istärin» diýip, halkyň parahat durmuşyny, döwletiň berkararlygyny arzuwlan Magtymguly Pyragynyň döwletlilik hakyndaky arzuw-islegleri täze taryhy döwrümizde hasyl boldy. Bu gün Gündogaryň beýik akyldary we danasy Magtymguly Pyragy çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda baky orun aldy. Söz ussadynyň hormatyna «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bolsa onuň döredijiliginiň dünýä dolan şöhratyny has-da beýgeldýär.
Sarpasy belent Prezidentimiz!
Sizi Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli türkmen halkynyň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Goý, Siziň parasatly baştutanlygyňyzda milli medeniýetimiziň hem-de sungatymyzyň agzybirligimizi, jebisligimizi wasp edýän belent owazy dünýä dolsun!».