
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň «Kawasaki» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Kenji Sanadany kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, duşuşykda işewür «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasynyň Türkmenistanda işewürlik üçin döredilen amatly şertlere we ýurduň milli ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrmak babatda gazanýan üstünliklerine ýokary baha berýändigini nygtady. Şeýle hem ol Arkadag şäheriniň uly ösüşlere eýe bolýandygyny belläp, Türkmenistanyň Prezidentini şäheriň iki ýyllygy bilen gutlady.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Kenji Sanadanyň şu gezekki saparynyň üstünliklere beslenmegini we Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda alyp barýan işlerinde täze rowaçlyklary arzuw etdi.
Söhbetdeşlikde iki ýurduň arasyndaky ykdysady mümkinçilikleri durmuşa geçirmekde ýapon kompaniýalarynyň uly goşandy bellenildi. Şunda Türkmenistanyň «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasy bilen köp ýyllaryň dowamynda netijeli hyzmatdaşlyk edip gelýändigi, bu kompaniýanyň gatnaşmagynda birnäçe iri taslamalaryň durmuşa geçirilendigi barada hem aýdyldy.
Türkmen döwletiniň Baştutany hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de täze ugurlar boýunça işjeňleşdirmek we ösdürmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny belläp, Türkmenistanyň «Kawasaki Heavy Industries Ltd» kompaniýasy bilen işewür gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny aýtdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow duşuşygyň ahyrynda bu iri ýapon kompaniýasy bilen bilelikde özara bähbitli täze taslamalaryň geljekde hem durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirip, Kenji Sanada alyp barýan işinde üstünlikleri arzuw etdi.