
Wladimir Putin Gurbanguly Berdimuhamedowa doglan güni mynasybetli gutlag iberdi
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa doglan güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde beýan edilişi ýaly, rus Lideri gutlag hatynda türkmen halkynyň Milli Liderini doglan güni bilen mähirli gutlap, tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk we üstünlikleri arzuw edýär.
«Ýokary döwlet wezipelerinde işlän ýyllaryňyzda Siz watandaşlaryňyzyň uly hormat-sarpasyna mynasyp bolduňyz hem-de daşary ýurtlarda ägirt uly abraýa eýe bolduňyz.
Siziň rus-türkmen gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşan şahsy goşandyňyz örän uludyr. Bu gatnaşyklaryň biziň dostlukly halklarymyzyň abadançylygynyň hem-de sebit durnuklylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmegiň bähbidine strategik hyzmatdaşlyk ruhunda mundan beýläk-de netijeli ösdüriljekdigine ynanýaryn» diýip, Prezident Wladimir Putin gutlag hatynda nygtaýar.