
Türkmenistanda kabul edilen täze kanunlar resmi taýdan güýje girdi
Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň dokuzynjy maslahatynda kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda», «Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Gümrük kodeksine goşmaçalar girizmek hakynda», şeýle hem «Gümrük gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary «Türkmenistan» gazetiniň 19-njy iýuldaky sanynda çap edilip, resmi taýdan herekete girizildi.
«Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň saýlawlarda we sala salşyklarda ses bermäge hukugy bolan raýatlarynyň bitewi döwlet sanawyny döretmegiň we ýöretmegiň hukuk hem-de guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.
«Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurtlara girmegi babatynda wiza almak üçin zerur bolan resminamalaryň hatarynda iş kesilendigi ýa-da kesilmändigi baradaky kepilnamanyň talap edilýändigi göz öňünde tutulyp taýýarlanyldy. Oňa görä, degişli Kanuna «Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen içeri işler edaralarynyň üstüne ýüklenilen wezipelere laýyklykda we ygtyýarlyklarynyň çägindäki borçlarynyň hataryna, bellenilen tertipde şahsyň iş kesilenlik aýbynyň öz-özünden aýrylýan ýa-da aýrylýan pursadyna çenli iş kesilendigi ýa-da iş kesilmändigi barada fiziki we ýuridik şahslara kepilnamalary hem-de talapnamalar boýunça maglumatlary bermek barada borjy kesgitleýän täze kada goşuldy.
«Türkmenistanyň Gümrük kodeksine goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň gümrük serhedinden harytlar, ulag serişdeleri we şahslar geçirilende hem-de gümrük taýdan resmileşdirilende, gümrük maksatlary üçin ulanylýan resminamalarda töwekgelçilikleri ýüze çykarmak we öňüni almak maksady bilen işlenip taýýarlanyldy we kabul edildi. Kanunda töwekgelçilikleri dolandyrmak hem-de töwekgelçilikleri dolandyrmak ulgamy barada düşünjeler girizilýär. Şeýle hem Türkmenistanyň gümrük edaralary tarapyndan töwekgelçilikleri dolandyrmak ulgamyny ulanmagyň Strategiýasy, Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynyň bozulmalarynyň öňüni almak we olary ýüze çykarmak, Türkmenistanyň gümrük serhedinden harytlaryň geçirilmegini ýönekeýleşdirmek we tizleşdirmek boýunça degişli şertleri döretmek barada aýdylýar.
«Gümrük gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ozalky hereket edýän Kanuna täze bent goşulyp, onda gümrük gullugynyň öz üstüne ýüklenen wezipelerine laýyklykda, Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän hem-de gümrük taýdan resmileşdirilýän harytlar, ulag serişdeleri we şahslar, şeýle hem gümrük maksatlary üçin ulanylýan resminamalar babatda gümrük gözegçiliginiň görnüşlerini saýlamak üçin töwekgelçilikleri dolandyrmak ulgamynyň döredilýändigi we ulanylýandygy barada kadalar girizilýär.
«Gümrük gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi Türkmenistanyň gümrük serhedinde gümrük kadalarynyň bozulmalarynyň ýüze çykarylmagyna we olaryň öňüniň alynmagyna ýardam eder.
Täze kabul edilen we «Türkmenistan» gazetinde çap edilip, resmi taýdan herekete girizilen kanunlar bilen şu baglanyşyk arkaly dolulygyna tanşyp bilersiňiz.