Türkmenistanyň Prezidentini daşary ýurtly kärdeşleri Täze ýyl bilen gutlaýarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna täze, 2026-njy ýyl mynasybetli daşary ýurt döwletleriniň Baştutanlaryndan gutlaglaryň gelmegi dowam edýär. Bu barada TDH habar berýär.

Hususan-da, türkmen döwletiniň Baştutanyny Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan, Mýanma Bileleşigi Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesini ýerine ýetiriji Min Aun Hlaýng, Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti Edgar Rinkewiç, Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti Abdel Fattah Al-Sisi, Wengriýanyň Prezidenti Tamaş Şuýok we beýlekiler gutladylar.

Daşary ýurtlaryň ýolbaşçylary öz hatlarynda 2026-njy ýylyň parahat, durnukly we howpsuz geljegi gurmagyň bähbidine dialoga hem-de özara düşünişmäge esaslanýan bilelikdäki tagallalara, netijeli hyzmatdaşlyga beslenjekdigine, geljekde dostlukly gatnaşyklaryň we ýakyndan hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.