Türkmenistan Ýadro ýaragyny gadagan etmek baradaky şertnama goşulmagy göz öňünde tutýar

Hökümetiň nobatdaky mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow howpsuzlyk meselelerinde halkara guramalar bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet habarlar agentliginiň habar berşi ýaly, wise-premýeriň hasabatynda Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmak we bu babatda ýadro energiýasynyň ulanylyşyna gözegçilik etmek boýunça Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýändigi, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde bu ugurda öňe sürülýän başlangyçlary yzygiderli goldaýandygy, 1994-nji ýylda ýadro ýaraglaryny ýaýratmazlyk hakynda, 1998-nji ýylda ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek hakynda, 2006-njy ýylda Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakynda möhüm şertnamalara goşulmak bilen, bu ugurda öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýändigi aýdyldy.

Wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow döwlet Baştutanynyň garamagyna ugurdaş halkara düzümler bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça taýýarlanylan birnäçe teklipleri hödürledi.

Hususan-da, 2017-nji ýylda kabul edilen Ýadro ýaragyny gadagan etmek baradaky şertnama Türkmenistanyň goşulmak meselesini öwrenmek boýunça degişli işleri geçirmek teklip edilýär. 2021-nji ýylda güýje giren bu resminama şu günki güne çenli dünýäniň 94 döwleti goşuldy.

2026-njy ýylda Türkmenistanda Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy guramasy bilen bilelikde bu guramanyň Milli maglumat merkezleri üçin sebitleýin okuw maslahatyny geçirmek hem teklip edilýär. Oňa Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlaryndan Milli maglumat merkezleriniň utgaşdyryjylarynyň gatnaşmaklary meýilleşdirilýär.

Şeýle-de Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy guramasynyň Halkara monitoring ulgamyna degişli bolan we Türkmenistanda ýerleşýän seýsmologiýa stansiýasynyň işini kämilleşdirmek, Halkara monitoring ulgamyndan alynýan maglumatlaryň ýurduň ugurdaş edaralary tarapyndan peýdalanylmagyny ýola goýmak, Türkmenistanyň degişli halkara resminamalardan gelip çykýan borçnamalaryny ýerine ýetirmek, Atom energiýasy boýunça halkara agentlik bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen baglanyşykly teklipler beýan edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, halkara guramalar bilen gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň ýurduň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi.

Döwlet Baştutany howpsuzlyk meseleleri boýunça halkara guramalar bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygy berkitmek hakynda taýýarlanan teklipleri makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.