
TNGIZT-de täze desga ulanmaga berildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň nebit kärhanasynyň nebit we nebit önümleri guýulýan üçünji gämi duralgasynyň gurluşyk işleri tamamlanyp, täze desga ulanmaga doly taýýar edildi. Düýn geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow bu toplumyň dabaraly açylyşyna sanly ulgam arkaly göni aragatnaşykda badalga berdi.
Döwlet Baştutany nebitgaz pudagyny ösdürmek hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy we täze desganyň işe girizilmeginiň ýurtda öndürilýän uglewodorod serişdeleriniň eksport edilýän möçberini artdyrmaga, olary ygtybarly ibermäge mümkinçilik berjekdigini belledi.
Açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerinden göni aragatnaşyk arkaly «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G.Agajanow çykyş edip, Türkmenistanyň Prezidentine Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň kuwwatlylygy ýylda 2 million 60 müň tonna nebit we nebit önümlerini ýüklemäge hem-de 1 million 150 müň tonna nebit we nebit önümlerini düşürmäge mümkinçiligi bolan Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynyň nebit we nebit önümleri guýulýan üçünji gämi duralgasyny işe girizmäge ak pata bermek baradaky haýyş bilen ýüzlendi.
Türkmenistanyň Prezidenti täze desganyň işe girizilmegine ak pata berdi. Soňra dabaranyň geçirilýän ýerinde il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda toý bagy kesildi. Täze gämi duralgasyndan nebit önümi ýangyç daşaýjy gämä guýlup başlandy. Açylyş dabarasy aýdym-sazly, tansly çykyşlar bilen jemlendi diýip, TDH ýazýar.