Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy: sanly özgerişler ugrunda hyzmatdaşlyk

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we Kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekdi.

Şeýlelik bilen, döwlet dolandyryşynda sanly özgertmeler ugrundaky hyzmatdaşlyklar giňeldilýär. Türkmenistanda pudagara elektron maglumat alyşmak ulgamy ornaşdyrylar, doly durmuşa geçirilmegi üçin kadalaşdyryjy-hukuk binýady kämilleşdiriler we bu ugurda halkara tejribesi çekiler.

Туркменистан и ПРООН: сотрудничество в области цифровой трансформации

Ähtnama gol çekilmegi bilen, 2019-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek Konsepsiýasynda hem-de Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasynda we ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasynda goýlan wezipeleri durmuşa geçirmäge ýardam berer. Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy tarapyndan sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň depginini artdyrmaga ýardam berer.

TÄZELIKLERE ÝAZYL