«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň web saýtynda ýüküň ýerleşýän ýerini yzarlamaga mümkinçilik bar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy resmi web-saýtynda täze hyzmatyň ýola goýlandygyny habar berdi. Indi howa gämileri arkaly ýük iberijiler Türkmenistanyň howa menzilleriniň ýük terminallaryndan ýükleriň barmaly ýerine iberilmegi baradaky maglumaty özbaşdaky yzarlamaga mümkinçilik aldylar.

Ýük yzarlaýyş hyzmaty, ýüküň ýerleşýän ýerini we ýagdaýyny islän wagtyňyz anyklamaga mümkinçilik berýär.

Bu hyzmaty ulanmak üçin kargo hyzmatyny ulanyjy ýörite programma 11 belgili sandan ybarat bolan sanlary girizmeli we «Gözlemek» düwmesine basmaly.

Sahypada açylan tablisa ýük iberiji ýüküň ýerleşýän ýerini barlap biler we hereketiň tutuş taryhyny görüp biler.

Ýük ibermek we almak üçin şäherleriň häzirki sanawy bilen tanşyp bilersiňiz, şeýle hem ýük daşamak we Türkmenistan çägindäki howa menzillerini degişli hyzmatlary barada resmi web-saýtyndan maglumat alyp bilersiňiz. «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň kargo hyzmatyny peýdalanmak üçin onlaýn görnüşde arzalaryň kabul edilýändigini bellemek gerek.

TÄZELIKLERE ÝAZYL