Aragatnaşyk pudagynyň hünärmenleri «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşdylar

Türkmenistan Sloweniýany Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny bellemäge çagyrdy

Arkadag şäheriniň medisina klasteriniň desgalarynyň gurluşygyny alyp barjak kärhanalar kesgitlendi

Türkmenistan Owganystanyň ykdysadyýetiniň parahatçylykly dikeldilmegine täsirli goşant goşýar

Astrahanda Aşgabat we Türkmenbaşy şäherlerine howa gatnawlarynyň ýola goýulmagy maslahatlaşylýar

Tatarystanyň Baştutany Türkmenistanyň Prezidentini täze ýyl bilen gutlady

Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasaty — ählumumy abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge goşant

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen telefon arkaly söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasy

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp birnäçe kitap çap edildi

Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp dürli kitaplar çap edildi. Bu kitaplar hünärmenleriň, şeýle hem Gündogaryň akyldary, türkmen halkynyň görnükli şahyrynyň döredijiliginiň muşdaklaryny özüne çeker. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, «Beýik Magtymguly we türkmen durmuşy» atly makalalar ýygyndysynda şahyryň ýaşan we döreden taryhy döwrüne häsiýetnama berilýär, onuň paýhasly şygryýetiniň we ynsanperwer garaýyşlarynyň türkmen halkynyň ahlak gymmatlyklaryna hem ruhy dünýäsine täsiri açylyp görkezilýär.

«Magtymguly – ylham çeşmesi» atly başga bir ýygyndyda Gündogaryň beýik akyldar şahyrynyň köptaraply döredijilik mirasyny giňişleýin öwrenmek bilen baglanyşykly ylmy makalalar jemlenipdir.

Gurbandurdy Geldiýewiň «Magtymgulynyň döredijiliginde ýer-ýurt atlary we olaryň poetikasy» atly monografiýasy Magtymguly Pyragynyň eserlerinde duş gelýän geografik atlaryň manysyny düşündirmäge we olaryň çeperçilik gymmatlyklarynyň poetika arkaly açylyşyna bagyşlanýar.

Tanymal alym Ahmet Mämmedowyň «Magtymguly türki halklaryň edebiýatynda» atly kitabynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligi we şygryýetiniň türki halklarynyň medeniýetine ýetiren täsiri barada geçiren köpýyllyk gözlegleriniň netijeleri jemlenipdir. Onda türki dilli alymlaryň we ýazyjylaryň türkmen nusgawy şahyrynyň öçmejek eserlerini öwrenişleri, Magtymguly Pyragynyň goşgy ýygyndylarynyň türki dillerdäki dürli neşirleri barada maglumatlar berlipdir.