
Türkmen wekiliýeti Dohada geçirilýän Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň maslahatyna gatnaşýar
Kataryň Doha şäherinde Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň (HTB) Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatynyň (PP-26) açylyş dabarasy boldy. Oňa Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, 9 — 27-nji noýabry aralygynda dowam edýän bu halkara çäre dört ýylda bir gezek geçirilip, telekommunikasiýa we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynda BMG-niň ýöriteleşdirilen edarasy bolan HTB-niň ýokary derejeli çözgütleri kabul ediji forumydyr.
Maslahatyň gün tertibinde dünýä telekommunikasiýa infrastrukturasyny giňeltmek, sanly aragatnaşyga maýa goýumlaryny çekmek, aragatnaşyk ulgamlarynyň howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmek, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de sanly hyzmatlaryň elýeterliligini giňeltmek ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Maslahatyň çäginde Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri Estoniýanyň adalat we sanly işler boýunça ministri hanym Liisa-Ly Pakosta bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamyndaky häzirki zaman meýilleri boýunça pikir alyşdylar hem-de telekommunikasiýa we sanly tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze mümkinçiliklerine garadylar.
Şeýle hem maslahatyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň ýolbaşçylary we daşary ýurtlaryň aragatnaşyk ministrleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirmegi meýilleşdirilýär.
