
«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygy wezipesinden boşadyldy
Sapbaýew Döwrangeldi Işangulyýewiç, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygy wezipesinden boşadyldy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün alty aýyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde degişli Permana gol çekdi.
Ýeri gelende bellesek, D.Sapbaýew «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygy wezipesine 2023-nji ýylyň iýul aýynda bellenilipdi.