
Mämmethan Çakyýew wise-premýer wezipesine bellenildi
Mämmethan Berdimyradowiç Çakyýew Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine 6 aý synag möhleti bilen bellenildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün alty aýyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde degişli Permana gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Ozal habar berşimiz ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň şu gün gol çeken degişli Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi ýatyrylyp, onuň garamagyndaky agentlikleriň işi bes edildi hem-de olaryň binýadynda täze ministrliklerdir gulluklar döredildi.
M.Çakyýew mundan ozal Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory wezipesini ýerine ýetirýärdi.