Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygyny üç sözde häsiýetlendirdi

Ozal habar berşimiz ýaly, häzirki wagtda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanda saparda bolýar. Şu gün saparyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada Azerbaýjanyň Prezidentiniň Metbugat gullugy habar berdi.

Azerbaýjanyň Prezident Ilham Aliýew Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň şu gezekki saparynyň Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň ösmegine öz mynasyp goşandyny goşjakdygyna ynam bildirdi.

«Biz köp ugurlarda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýäris we iki döwlet hem özbaşdak daşary syýasaty alyp baryp, geljege ynam bilen garaýar. Aramyzda bar bolan taryhy gatnaşyklaryň häzirki hyzmatdaşlyk üçin berk binýady bar. Siziň şu saparyňyz hem hyzmatdaşlygymyza täze itergi berer diýip pikir edýärin» diýip, Prezident Ilham Aliýew belledi.

Öz gezeginde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjana sapar bilen barmaga çakylyk we görkezilen ýokary derejedäki myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirdi.

Gahryman Arkadag bu saparyň esasy maksadynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmakdan, gazanylan üstünlikleri berkitmekden, täze taslamalaryň durmuşa geçirilmegine goşmaça itergi bermekden ybaratdygyna ünsi çekdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasyndaky döwletara gatnaşyklarynyň häzirki derejesini üç söz bilen häsiýetlendirip bolar: doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk.

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň häzirki wagtda daşary syýasatda, syýasy, ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda giň hyzmatdaşlyk gün tertibine eýedigi nygtaldy. Bellenilişi ýaly, iki ýurduň tagallalarynyň netijesinde hyzmatdaşlyk maksadaokgunly, anyk, durnukly we dowamly häsiýete eýe bolup, ýokary depginde ösýär.

Mundan başga-da, özara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerindäki gatnaşyklar, söwda-ykdysady, parlamentara hyzmatdaşlyk, Hazar deňzi boýunça alnyp barylýan bilelikdäki tagallalar barada durlup geçildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri sözüniň ahyrynda şu gezekki saparyň Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ýakynlaşmagynda, uzakmöhletli hyzmatdaşlyk strategiýasynyň durmuşa geçirilmegine degişli ylalaşylan çemeleşmeleri işläp taýýarlamakda möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.