
Gurbanguly Berdimuhamedow Allahşukur Paşazadä türkmen donuny we namazlyk sowgat berdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanda Kawkaz musulmanlarynyň müdiriýetiniň başlygy Şeýh-ul-islam Allahşukur Paşazade bilen duşuşygynda oňa türkmen donuny we namazlyk sowgat berdi. Bu barada TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, Kawkaz musulmanlarynyň müdiriýetiniň başlygy tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, bu sowgady iki doganlyk halkyň arasyndaky hormat-sarpanyň nyşany hökmünde kabul edýändigini aýtdy.
(Surat: TDH)
Duşuşyk tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hormatyna Kawkaz musulmanlarynyň müdiriýetiniň başlygynyň adyndan günortanlyk nahary berildi. Nahardan soňra, Türkmenistanyň müftüsi aýat-töwir okady. Töwirde Beýik Biribardan türkmen we azerbaýjan halklarynyň arasyndaky dost-doganlygyň dowamat-dowam bolmagy, olaryň hemişe abadan durmuşda ýaşamaklary dileg edildi.