
Horwatiýanyň daşary işler ministri Türkmenistanda saparda bolar
Horwatiýa Respublikasynyň daşary we Ýewropa işler ministriniň şu ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistana sapar bilen gelmegi meýilleşdirilýär. Bu barada 16-njy iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Horwatiýa Respublikasynyň daşary we Ýewropa işler ministri Gordan Grliç-Radmanyň arasynda bolan telefon arkaly söhbetdeşlikde mälim edildi.
Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar we özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň giň toplumy boýunça türkmen-horwat hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar.
Söhbetdeşler halkara düzümleriň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäginde, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini kanagatlanma bilen bellediler. Parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek ugrundaky tagallalar bilen baglylykda taraplar ÝHHG-niň çägindäki hyzmatdaşlyga ygrarlydyklaryny bellediler.
Söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň ýollaryna aýratynlykda garaldy. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler Horwatiýa Respublikasynyň daşary we Ýewropa işler ministriniň şu ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistana meýilleşdirýän saparynyň ähmiýetini nygtadylar. Şol döwürde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-horwat hökümetara toparynyň dördünji mejlisi hem-de Türkmenistanyň we Horwatiýanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda ykdysady forum geçiriler.
Söhbetdeşligiň dowamynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk görmek we ony geçirmek bilen baglanyşykly meseleler gozgaldy. Şeýle hem ministrler 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Parahatçylygyň we ynanyşmagyň halkara forumynyň ähmiýetine ünsi çekdiler.