Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Şuşada Bülbüliň öý muzeýi bilen tanyşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen bilelikde Şuşa şäherindäki Bülbüliň öý muzeýine baryp gördi. Bu barada Azerbaýjanyň Prezidentiniň Metbugat gullugy habar berdi.

Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň halk artisti Polat Bülbüloglu Gurbanguly Berdimuhamedowa görnükli sazanda Bülbüliň şu öýde dünýä inendigi we çagalyk ýyllaryny şu ýerde geçirenligi barada gürrüň berdi.

Geýdar Aliýewiň tabşyrygy bilen 1982-nji ýylda Şuşa şäher halk deputatlarynyň Sowetiniň ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan bu öý Bülbüliň öý muzeýi hökmünde yglan edilipdir. 1982-1983-nji ýyllarda bu ýerde abatlaýyş işleri geçirilip, muzeý ekspozisiýasy döredilipdir, öňünde dolandyryş binasy gurlupdyr.


(Suratlar: President.az)

Öý muzeýinde 2021-nji ýylyň awgustynda täzeden dikeldiş işleri geçirilipdir. Onuň howlusynda Bülbüliň täze heýkeli oturdylypdyr.