
Gahryman Arkadaga garabag aty sowgat berildi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Jydyr düzüne baryp gördüler.
Bu ýerde garabag atlarynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi diýip, Azerbaýjanyň Prezidentiniň Metbugat gullugy habar berdi.
Prezident Ilham Aliýew Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa «Dostluk» atly garabag atyny sowgat berdi.
(Suratlar: President.az)
Ýeri gelende bellesek, garabag aty Azerbaýjanyň Garabag sebitinde döredilen we giňden ýaýran at tohumydyr. XVII — XVIII asyrlarda Garabag hanlygy döwründe bu at tohumy has-da kämilleşdirilipdir. Garabag atlary Aziýada we Kawkazda iň gadymy at tohumlarynyň biri hasaplanýar.