
Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň degişli Kararyna gol çekdi.
Kararda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň Türkmenistanyň Mejlisi bilen bilelikde Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek we ony geçirmek bilen bagly işlerde welaýatlaryň, etraplaryň hem-de şäherleriň halk maslahatlaryna guramaçylyk-usulyýet taýdan ýardam bermelidigi we bu işleri utgaşdyrmalydygy bellenilýär.
Resminama Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini dabaraly ýagdaýda we ýokary guramaçylykly geçirmek maksady bilen kabul edildi.
Ozal Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň 19-njy sentýabrda, Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçiriljekdigini habar beripdik.