
Awazada «Türkmenistan – Azerbaýjan – Özbegistan» formatyndaky sammit geçiriler
22-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Türkmenistan – Azerbaýjan – Özbegistan» formatyndaky üçtaraplaýyn sammit geçiriler. Oňa Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew gatnaşar. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň Metbugat gullugy habar berýär.
Bellenilişi ýaly, sammitiň gün tertibine laýyklykda, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek we çuňlaşdyrmak, ilkinji nobatda, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, energiýa hem-de ynsanperwer ugurlar boýunça pikir alşylar. Gepleşikleriň netijeleri boýunça bilelikdäki resminamalara gol çekilmegi hem-de ikitaraplaýyn gepleşikleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Ozal habar berşimiz ýaly, şu aýyň başynda Awazada geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Azerbaýjanyň ýokary wezipeli ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirilipdi.