
Yslamabatda BMG-niň Awaza maslahatyna bagyşlanan duşuşyk geçirildi
Pakistan Yslam Respublikasynda (Yslamabat şäheri) ýerleşýän Türkmenistanyň ilçihanasynyň binasynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň netijelerine we olary durmuşa geçirmek boýunça «tegelek stol» duşuşygy geçirildi. Bu barada ilçihananyň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, duşuşyga Pakistandaky Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ilçileri gatnaşdylar.
Çärä gatnaşyjylar deňize çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň öňünde duran möhüm wezipelere bilelikde çemeleşmeleri işläp taýýarlamak maksady bilen BMG-niň howandarlygynda geçirilen maslahatyň netijelerine ýokary baha berdiler. Olar ulag we energetika kommunikasiýalarynyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň, üstaşyr mümkinçilikleriniň giňeldilmeginiň hem-de sebitde infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini nygtadylar.
Duşuşykda sebit integrasiýasynyň pugtalandyrylmagy, ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagy we innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy meselelerine aýratyn üns berildi. Maslahatyň çözgütleriniň netijeli durmuşa geçirilmeginiň diňe üstaşyr döwletler we halkara maliýe guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlygyň şertlerinde mümkin boljakdygy bellendi.
Duşuşyga gatnaşyjylar deňize çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň bähbitlerini ilerletmek we BMG-niň maslahatynyň netijelerini sebitiň çäginde anyk amala aşyrylmagyna gönükdirilen bilelikdäki çäreleriň geçirilmegi ugrunda ýakyndan hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny tassykladylar.