TÜRKMENISTANYŇ
ARAGATNAŞYK
MINISTRLIGI
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi, Türkmenistanda aragatnaşyk babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirýän hem-de aragatnaşyk babatda işiň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegini we oňa gözegçilik edilmegini amala aşyrýan ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edarasy bolup durýar. Ministrligiň üstüne ýüklenen wezipeleriň çäklerinde ýerli we öýjükli telefon aragatnaşygy, internet ulgamy, poçta hyzmatlary, sanly ykdysadyýet, kiberhowpsuzlygy, hemra aragatnaşygy, milli tele we radio ýaýlymlaryny ýaýratmak, hünärmenleri taýýarlamak ýaly ugurlar boýunça işleri durmuşa geçirýär. 2015-nji ýylda «TürkmenÄlem 52°E» ilkinji milli emeli hemranyň älem giňişligine çykarylmagy netijesinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamynyň, ýokary hilli tele we radio ýaýlymlarynyň kemala gelmegi üçin uly mümkinçilikler döredildi. Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi, Halkara Elektroaragatnaşyk bileleşiginiň, Bütindünýä Poçta birleşiginiň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygynyň, GSM assosiasiýasynyň, IP salgylary we Domen atlary berkitmek boýunça Internet – korporasiýasynyň (ICANN) we başga-da birnäçe iri halkara guramalarynyň doly hukukly agzasy bolup, bu guramalar bilen uzakmöhletleýin işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar.
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň garamagyndaky edara-kärhanalar:
1. «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy we onuň garamagyndaky 5 sany welaýat kärhanalar;
2. «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy we onuň garamagyndaky 4 sany welaýat kärhanalar;
3. «Aragatnaşyk» ministrliginiň ýanyndaky Döwlet Kiberhowpsuzlyk gullugy;
4. «Aragatnaşyk» ministrliginiň ýanyndaky Döwlet radioýygylyk gullugy;
5. «Aragatnaşyk» ministrliginiň ýanyndaky Döwlet feldýeger gullugy;
6. «Aragatnaşyk» ministrliginiň Kosmos müdirligi;
7. Politehniki orta hünär okuw mekdebi;
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň paýly gatnaşygyndaky jemgyýetleri:
1. «Altyn Asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti;
2. «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti;
3. «Türkmen hemrasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti;
4. «Türkmentehnolgurluşyk» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti;
5. «Türkmendomen» Hojalyk jemgyýeti;
6. «Bagtyýar» Hojalyk jemgyýeti;