
Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde iş maslahatyny geçirdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparynyň çäklerinde bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
"Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynyň barşynda Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň çäginde gurulýan desgalarda gurluşyk işleriniň ýagdaýy we olaryň depginini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler ara alyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow täze şäheriň ikinji tapgyrynda senagat we jemgyýetçilik binalarynyň gurluşygynyň gidişi, gurluşyk we timarlaýyş serişdeleriniň aýratynlyklary, hili barada hasabat berdi.
Gahryman Arkadag täze şäheriň çäginde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginini ýokarlandyrmak, ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň berkligi, uzak möhletleýinligi, häzirki zaman talaplaryna laýyklygy we bezeg aýratynlyklary bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns bermegi tabşyrdy.
Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa täze şäheriň ähli amatlyklar döredilen häzirki zaman ýaşaýyş jaýlaryna raýatlary göçürip getirmek boýunça işleriň gidişi barada hasabat berdi. Şeýle hem täze şäherde Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni, Gurban baýramy we Ylymlar güni ýaly milli senenamada möhüm orny eýeleýän seneleri bellemek üçin medeni çäreleriň maksatnamalarynyň taýýarlanandygy habar berildi.
Halk Maslahatynyň Başlygy hasabaty diňläp, Arkadag şäheriniň häzirki zaman ýaşaýyş jaýlaryna raýatlary göçürip getirmek meselesine döwrüň talaplaryna laýyklykda, örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini aýtdy we häkime bu ugurda birnäçe görkezme berdi.
Ýurduň durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolan möhüm seneler mynasybetli guralýan dabaralaryň Arkadag şäheriniň sazlaşykly ösüşini, şäher ilatynyň bagtly we abadan durmuşyny görkezmelidigini belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri bu çäreleri ýokary derejede guramak üçin ähli tagallalaryň edilmelidigini aýtdy.