
Türkmenistanyň Prezidenti Mongoliýanyň Beýik döwlet huralynyň Başlygy bilen duşuşyk geçirdi
Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow döwlet saparynyň çäklerinde Mongoliýanyň Beýik döwlet huralynyň Başlygy Daşzegwiýn Amarbaýasgalan bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, Mongoliýanyň parlamentiniň ýolbaşçysy belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, giň sebit we halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilen döredijilikli parahatçylyk söýüji syýasaty durmuşa geçirýän Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi.
Ulan-Batorda geçirilen hem-de döwletara dialogynda täze möhüm tapgyry açan ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikleriň ähmiýeti hem nygtaldy.
Serdar Berdimuhamedow mähirli kabul edilendigi üçin Mongoliýanyň Beýik döwlet huralynyň Başlygy Daşzegwiýn Amarbaýasgalana minnetdarlyk bildirip, şu gezekki duşuşygyň döwletleriň arasynda, şol sanda kanun çykaryjy edaralaryň çäklerinde özara düşünişmegi ösdürmäge hem-de hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ýola goýmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.