Türkmen-mongol gepleşikleriniň netijesinde 14 resminama gol çekildi

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Ulan-Batorda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda gepleşikler geçirildi. Gepleşikleriň jemleri boýunça 14 sany resminama gol çekildi. Bu barada Mongoliýanyň «MONTSAME» Milli habarlar gullugy habar berdi.

Habarda bellenilişine görä, iki ýurduň Prezidentleri tarapyndan Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Bilelikdäki Jarnama gol çekildi.

Şeýle-de gol çekilen resminamalaryň arasynda Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara topary döretmek hakynda ylalaşyk, 2026-2027-nji ýyllar üçin iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň hyzmatdaşlyk maksatnamasy, Söwda, ykdysadyýet we maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2026 — 2028-nji ýyllar üçin orta möhletli hökümetara maksatnama, Ýeňil senagat pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşyk, Ulan-Bator hem-de Aşgabat şäherleriniň arasynda doganlaşan şäher gatnaşyklaryny ýola goýmak boýunça Ähtnama hem-de Mongoliýanyň «MONTSAME» Milli habarlar gullugy bilen Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH) arasynda habar we maglumat alyşmak boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.

Umuman alnanda, gol çekilen ylalaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarynyň dürli ugurlaryny öz içine alýar.