
Palestinanyň Türkmenistandaky ilçisi diplomatik işini tamamlaýar
Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hossein Ali Mostafa Gannam ýurtdaky diplomatik işini tamamlaýar. Şol mynasybetli ilçi 3-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berildi.
Söhbetdeşligiň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça türkmen-palestina gatnaşyklarynyň meselelerine deglip geçildi.
Diplomatlar döwletleriň ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem halkara guramalarynyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryny nygtadylar.
Duşuşygyň ahyrynda daşary işler ministri R.Meredow ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşan goşandy üçin ilçä sagbolsun aýtdy we geljekki işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Öz gezeginde, ilçi Hossein Ali Mostafa Gannam diplomatik wezipesini durmuşa geçirmekde berlen hemmetaraplaýyn goldaw we ýardam üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi diýlip, habarda bellenilýär.